Türkmenistan Aziýa bilen Ýewropanyň ulag baglanyşygyny güýçlendirmegi iş ýüzünde amala aşyrmaga girişmegi teklip etdi

  • 09.08.2024 18:30
  • 5k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen altynjy Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda ýakyndan we özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly ykdysady ösüşi gazanmak sebit gün gün tertibiniň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýandygyny belledi.

Şunda ulag we kommunikasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlyga esasy orun degişlidir. Häzirki günde bu ulgam depginli ösýär, bäsdeşlik artýar, Ýewraziýada täze ulag üstaşyr geçelgeleri döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň pikirine görä, geografik, logistika we beýleki artykmaçlyklary ulanmak arkaly sebitimiziň bu işlere öz wagtynda hem-de netijeli gatnaşmagyny üpjün etmek Merkezi Aziýa döwletleriniň iň ýakyn geljekde umumy wezipesi bolmalydyr.
Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ulag özara baglanyşygynyň güýçlendirilmegi ýurtlarymyzyň çäginde döwrebap logistikanyň döredilmegini, kanunlaryň sazlaşdyrylmagyny, özara gümrük, nyrh we beýleki ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýar. Döwlet Baştutany bu ugurda edilmeli köp iş bardygyny we biz ady agzalan wezipeleri iň ýakyn geljekde iş ýüzünde amala aşyrmaga girişmegi teklip etdi.
Häzirki zaman şertlerinde halkara energetika hyzmatdaşlygynda, ýurtlarymyzyň energiýa serişdelerine bolan isleglerini kanagatlandyrmakda biziň döwletlerimiziň eýeleýän orny ýokarlanýar. Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bar bolan we ýakynda dörediljek täze senagat hem-de oba hojalyk kuwwatlyklaryny, infrastruktura desgalaryny, şeýle hem bilelikdäki önümçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň energiýa serişdelerine barha artýan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak strategik maksatdyr.

«Şeýle ulgam ýurtlarymyzy dünýäniň energetika bazarynda bolup biljek ýaramaz ýagdaýlardan goramalydyr, olaryň ýetirjek täsirlerini peseltmelidir, tehnogen we tebigy häsiýetli garaşylmadyk ýagdaýlarda milli energiýa ulgamlarynyň zerur ätiýaçlyk goruny döretmelidir» diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Şeýle hem söwdanyň giňeldilmegi, senagat taýdan goşulyşmak, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek ýaly möhüm meseleler hem ünsden düşürilmeli däldigini bellenildi.


11.05.2026 22:55
922

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 15:51
5.5k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

09.05.2026 15:30
2.4k+

Ýewropa Bileleşigi 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmegi maksat edinýär

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Roksana Mynzatu Ýewropa Bileleşiginiň  taryhynda ilkinji gezek taýýarlanan ýörite strategiýa arkaly 2050-nji ýyla çenli garyplygy doly ýok etmek isleýändiklerini mälim......

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......