Alymlar diwarlary ýyly saklamak we mikroblardan goramak üçin material döretdiler

  • 07.08.2024 12:06
  • 2.6k+

Rus alymlary diwarlary ýyladyp, mikroblardan goraýan we faza geçişi bolan täze material (PCM) döretdiler. Material N.E. Bauman adyndaky Moskwa döwlet tehnologiki uniwersitetinde we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň himiki fizika we lukmançylyk himiýasy meseleleri boýunça federal gözleg merkezinde işlenip düzülýär.

PCM gurluşyk garyndylarynyň ýylylyk we gidrofob aýratynlyklaryny ýokarlandyrýar. Parafinleriň we mumuň goşulmagy, esasanam, çyg we howa çalşygy pes otaglarda mikroblaryň emele gelmegini haýalladýar ýa-da olary düýbünden ýok edýär.
Bu material elektrik togy öçürilende amatly temperaturany saklamak üçin ýylylyk saklaýjy bölümlerde we gyzgyn suw üpjünçilik ulgamlarynda ulanylyp bilner. Şeýle hem material elektrik toguny talap etmeýän öý ulgamlary döredilende ýylylygy sazlamak üçin amatlydyr.
Häzirki zaman gurluşyklarda PCM kompozitleri maksadyna we ulanylyşyna baglylykda 2%-den 13%-e çenli tygşytlylyk täsirini görkezýärler. Olar, aýratyn hem, dowamly gyşly sebitlerde “beden ýyladyjy” hökmünde ulanylyp bilner.
Işläp düzüjiler grafen ulanyp, materialyň ýylylyk geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirýärler, bu bolsa zarýad alyş prosesini we energiýa çykarylyşyny çaltlaşdyryp, netijeliligi ýokarlandyrar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....