Türkiýede gadymy altyn teňňeleriň hazynasy tapyldy

  • 06.08.2024 15:20
  • 17k+

Türkiýäniň gadymy Notion şäherinde arheologlar gadymy altyn teňňeleriň hazynasyny tapdylar. The New York Times-yň habar bermegine görä, teňňeleriň ýaşy 2400 ýyldan geçýär.

Teňňeler – altyndan ýasalan pars darikleri, b. e. öň III asyrda gurlan jaýyň howlusynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapyldy.
Dariklerde çep elinde ýaý we sag elinde uzyn naýza bilen dyz çöküp duran uzyn eşikli Pars şasynyň şekili bar. Teňňäniň arka tarapynda metal pullary ýasalanda ulanylýan punson belgisi bar.
Häzirki wagtda tapylan teňňeler Selçuk şäheriniň Efes arheologiki muzeýinde ýerleşýär.
Gözlegçileriň aýtmagyna görä, tapyndy ylymda möhüm ähmiýete eýedir, sebäbi şuňa meňzeş tapyndylar bu sebitde öň tapylmandy. Darikler esgerlere pul tölemek üçin ulanylýardy we alymlar, hazyna esgerleriň biri tarapyndan gizlenen bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar. Şeýle hem, hazynanyň b. e. öň V asyrda Peloponnes söweşinden soň afinylylaryň Notiondan göçürilmegi bilen baglanyşykly betbagtçylyk sebäpli terk edilendigi çak edilýär.


düýn 12:00
3.6k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......