Hytaýly alymlar Aýyň topragyndan tebigy grafen tapdylar

  • 06.08.2024 10:30
  • 2.8k+

Hytaýly alymlar “Çane-5” zondy arkaly Ýere getirilen Aý regolitiniň nusgalarynda ilkinji gezek tebigy grafen tapdylar. Bu açyş National Science Review žurnalynda çap edildi.

Szilin uniwersitetiniň professorlary Men Szouwyň, Weý Çžanyň we inženeri Sýuszýuan Liniň, şeýle hem Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Metallaryň barlagy  institutyndan Wensaý Reniň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary 2020-nji ýylda Aýdan getirilen topragyň nusgalaryny seljerdi. Ýörite spektrometr arkaly grafite meňzeş ýokary uglerodly ýerler tapyldy. Jikme-jik barlag iki-ýedi gat galyňlykdaky petdeler görnüşinde we beýleki minerallaryň gabyklarynda grafeniň bardygyny tassyklady.
Alymlar regolitde grafeniň emele gelmegi üçin iki çaklamany teklip etdiler: onuň emele gelşi demriň bardygy we ýokary temperatura bilen bagly ýa-da ol plazmanyň täsiri astynda Gün ýeliniň uglerodyndan emele gelipdir.
Barlagçylar öz açyşlarynyň grafeni sintezlemek üçin täze we arzan usullary işläp taýýarlamaga, şeýle hem onuň ulanylyş çägini giňeltmäge kömek edip biljekdigine ynanýarlar. Tebigy grafeniň emele gelmegi ýokary hilli materialy sintez etmegiň täze usullarynyň döremegine sebäp bolup biler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....