Serdar Berdimuhamedow Gazagystana sapar bilen barar

  • 05.08.2024 22:47
  • 7.9k+

Kasym-Žomart Tokaýew Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen gelmäge hem-de öňde Astanada boljak möhüm forumlara gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Gazagystanyň Baştutany 5-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde aýtdy diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilip geçilişi ýaly, ýakyn günlerde Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygy hem-de  “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogyň birinji Sammiti geçiriler.
Serdar Berdimuhamedow çakylyk üçin gazak kärdeşine minnetdarlyk bildirip, öňde boljak duşuşyklarda beýan ediljek başlangyçlaryň sebitde hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi we şol çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Bilelikdäki taslamalary, hususan-da, gaz, energetika pudaklarynda hem-de  ulag-üstaşyr ulgamda  bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda täze wehimleriň ýüze çykýan şertlerinde sebit derejesinde tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi. Şunda Türkmenistanyň sebitiň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna berk ygrarlydygy tassyklanyldy.


şu gün 07:42
409

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......