Kanadaly alymlar özüne düşýän ýagtylygyň 99%-ini siňdirýän şar gara agaç döretdiler

  • 04.08.2024 13:15
  • 7k+

Kanadadaky Britaniýan Kolumbiýasy uniwersitetiniň alymlary özüne düşýän ýagtylygyň 99%-den gowragyny siňdirýän täze şar gara agaç materialyny döretdiler. "Nxylon" diýlip atlandyrylan bu material agajyň suwy itekleýji häsiýetini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, ýokary energiýa plazmasy bilen geçirilen synaglaryň dowamynda tötänden alnypdyr diýip, Phys.org habar berýär.

Nxylon ýagtylygyň, takmynan, 97,5%-ni siňdirýän adaty gara reňkdenem has ýokarydyr. Bu astronomiýada ulanmak üçin iň oňat material bolar, bu ýerde aşa gara örtük pytraňňy ýagtylygy azaltmaga we teleskoplarda şekiliň hilini ýokarlandyrmaga kömek edýär.
Şeýle-de, Nxylon Gün panelleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda, şaý-seplerde we kaşaň harytlary döretmekde hem ulanylyp bilner. Material ýagtylygyň çykmagynyň öňüni alýan özboluşly gurluşa eýedir. Bu altyn bilen örtülen ýagdaýynda-da oňa gara reňkini saklamaga mümkinçilik berýär.
Barlagçylar häzirki wagtda sagat we şaý-sepler ýaly, Nxylon esasly täjirçilik önümleriň prototiplerini taýýarlaýarlar. Şeýle hem olar önümçiligi giňeltmek we materialy dürli ugurlara ornaşdyrmak üçin başlangyç döretmegi meýilleşdirýärler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....