Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

  • 03.08.2024 23:15
  • 8.8k+

3-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Irden Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada türkmen halkynyň Milli Liderine hasabat berdiler.
D.Orazow täze şäherde guruljak Çeper halyçylyk kärhanasynyň guruljak ýeriniň çyzgylary we toplumyň golaýynda ýerleşdiriljek binalar we kärhananyň beýleki desgalar bilen aradaşlygy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen taslamalara birnäçe belliklerini aýdyp, oňa degişli düzedişlerini girizdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda guşuçar belentlikden Arkadag şäheriniň çäginde alnyp barylýan işleri, şäheriň binalarynyň ýerleşiş aýratynlyklaryny, ulag ýollarynyň hereketini synlady.
Uçuşyň dowamynda Çeper halyçylyk kärhanasynyň ýerleşjek ýerini synlap, türkmen halkynyň Milli Lideri önümçilik toplumynyň gurluşyk işlerine, onuň enjamlaşdyrylyşyna bolşy ýaly, kärhananyň işiniň ekologiýa talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Aýratyn-da, önümçilik toplumlarynyň golaýynda ugurdaş desgalaryň ýerleşdirilmegi talabalaýyk bolar.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek lukmançylyk klasteriniň desgalarynyň ýerleşjek  ýerlerini synlady.
Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine guran nobatdaky iş saparyny tamamlap, Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......