Lazerler arheologlara gadymy Irunýa-Weleýa şäheriniň kartasyny döretmäge kömek etdi

  • 03.08.2024 11:45
  • 3.4k+

Arheologlar häzirki Ispaniýanyň çäginde ýerleşýän gadymy Rim Irunýa-Weleýanyň doly kartasyny gözkezdiler. Hünärmenler innowasion lazer tehnologiýasyny ulanyp, takmynan, bir inedördül kilometre barabar harabalygyň jikme-jik wirtual görnüşini döretdiler.

Netijede, uzynlygy 280 metr, ini 72 metr we 5000 tomaşaçy sygýan gadymy rim sirk arenasyny hem öz içine alýan, 620 gektara ýaýylyp  gidýän wirtual harabaçylyk emele geldi. Bu Pireneý ýarym adasynda ýüze çykarylan üçünji şeýle obýektdir, bu şeýle güýmenjäniň gadymy Rimde meşhur bolandygyny görkezýär.
Miladydan öňki 1000-nji we 500-nji ýyllar aralygyna degişli bolan Irunýa-Weleýa ilkinji gezek XVI asyrda agzalyp geçilýär, ýöne yzygiderli gazuw-agtaryş işleri diňe XX asyryň başynda başlandy. Ispaniýanyň Medeniýet we sport ministriniň orunbasary Ana del Wal bu açyşyň Irunýa-Weleýanyň arheologiýa we taryh üçin ähmiýetini görkezýändigini aýtdy we mundan beýläk hem ony öwrenmäge, goramaga çagyrdy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....