Serber mazarynyň syry: arheologlar iki müň ýyllyk guburda nämeleri açdylar

  • 03.08.2024 11:47
  • 10k+

Italiýadaky arheologlar Serberiň mazaryndaky iki müň ýyllyk sarkofagda atly-abraýly rimliniň gowy saklanan galyndylaryny tapdylar. Gazuw-agtaryş işleri Julýano-in-Kampaniýa şäherinde geçirildi diýip, Arkeonews ýazýar.

Bu açyş golaýdaky nekropolda gazuw-agtaryş işlerine taýýarlyk görülýän mahaly  edildi. Alymlar mikrokamera ulanyp, möhürlenen sarkofagyň içine seredip bildiler we köpüne dolanan mumiýalanan jesedi, şeýle hem melhemli we ýakymly ysly tütetgi gaplaryny tapdylar. Gazuw-agtaryş işleriniň müdiri Simona Formolanyň sözlerine görä, köpün mazaryň täsin howa şertleri sebäpli oňat saklanyp galypdyr.
Tapyndylar, şol sanda jaýlanyş goş-golamlary we jaýlanyş çäresiniň taýýarlygy mazaryň atly maşgalanyň ata-babasyna degişlidigini görkezýär. Guburdan alnan nusgalaryň laboratoriýa seljermeleri jesedi balzamlamakda selmäniň we ýowşanyň ulanylandygyny görkezdi.
Alymlaryň pikirine görä, Serberiň Mazarynyň mundan beýläkki barlaglary gadymy şäherçäniň taryhyny we jemgyýetçilik gurluşyny açyp görkezer.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....