Ýerde ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlar üçin Aýda bioammar döretmek teklip edilýär

  • 02.08.2024 15:47
  • 4k+

Tebigaty goramak biologiýa institutynyň alymlar topary düýpli pikiri, ýagny Ýerde ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlar üçin Aýda bioammar döretmek pikirini öňe sürdüler. Meýilnama laýyklykda, Ýeriň tebigy hemrasynyň temperaturasy hiç mahal Selsiýa boýunça 196 derejeden geçmeýän sebitlerinde kriokonserwasiýa tehnologiýaly ýörite otaglar oturdylmaly diýip, Eurekalert ýazýar.

Bu otaglarda ýitmek howpy abanýan haýwanlaryň doňan öýjükli materiallary, şol sanda derini beýleki dokumalary we organlary goldaýan hem-de birleşdirýän süýümler bilen saklamak meýilleşdirilýär. Alymlaryň pikirine görä, bu tehnologiýa geljekde haýwanlary klonlaşdyrmaga we ýitip barýan görnüşleri “direltmäge” mümkinçilik döreder.
Aýyň saýlanmagy Ýerde biologiki materiallary howpsuz saklamak üçin ýeterlik pes temperaturaly tebigy ýerleriň ýoklugy bilen baglanyşyklydyr. Aýda bolsa polýar sebitler we milliardlarça ýyl bäri Gün şöhlesi düşmedik hemişelik garaňky ýerler bar.
Taslamanyň awtorlaryndan biri, Smitsonow Milli haýwanat bagynyň we Tebigaty goramak biologiýa institutynyň professory Meri Hagedorn antropogen çäreleriň köp haýwan görnüşlerine howp salýandygyny we olaryň ýok bolmak derejesiniň olary tebigy gurşawda halas etmek mümkinçiliginden ýokarydygyny belleýär. Aýdaky bioammar genetiki dürlüligi gorap saklamak we global ýitip gitmek bilen göreşmek üçin ygtybarly ätiýaçlyk ulgamyna öwrülip biler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....