Eşidiş enjamlarynyň geljegi: gulaklara oturtmak üçin mikrofon implanty döredildi

  • 02.08.2024 12:46
  • 2.6k+

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň, Garward we Kolumbiýa uniwersitetleriniň alymlary eşidiş ukyby pes bolan adamlar üçin gulaga oturdylýan UmboMic mikrofonyny döretdiler. Bu barada New Atlas habar berýär.

3x3 millimetr ölçeginde bolan bu enjam eşidiş apparatlarynyň daşky mikrofonlarynyň işine meňzeş funksiýany ýerine ýetirýär. UmboMic orta gulaga ýerleşdirilýär, bu ýerde onuň piezoelektrik PVDF (poliwinilidendiflorid) materialy gulak perdesinden titremäni kabul edip, elektrik signallaryna öwürýär.
Işläp düzüjileriň çözmegi başaran esasy meselesi, UmboMic-iň ýuwaş sesleri we ýygylyklary tanap bilmegidir.
Alymlar implanty ilki haýwanlarda, soňra bolsa adamlarda synag etmegi meýilleşdirýärler.
UmboMic eşidiş ukyby pes bolan adamlara has rahat durmuşda ýaşamaga mümkinçilik berjek doly içki eşidiş apparadyny döretmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....