Beýni bejergisiniň täze mümkinçilikleri: alymlar parazitleri ulanýarlar

  • 01.08.2024 12:00
  • 4.2k+

Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň alymlary gan-beýni barýerine girip, beýnini ýokuşdyryp bilýän Toxoplazma gondii parazitiniň täze ulanylyşyny tapdylar. Geljekde bu parazit derman serişdelerini näsaglaryň beýnisine eltmek üçin gymmatly gural bolup biler diýip, Science Alert ylmy neşiri ýazýar.

Gan-beýni barýeriniň köp molekulalary we beloklary böwetlemegi, beýni keselleriniň bejerilmegini kynlaşdyrýar. Alymlar parazitiň bejeriş beloklaryny göni beýnä geçirip bilmegi üçin T. gondii-niň sekretor ulgamyny üýtgetdiler.
Beýni öýjükleriniň we syçanlaryň üstünde geçirilen ilkinji synaglar bu usulyň işleýändigini görkezdi. T. gondii-niň gan-beýni barýerinden geçmekde özboluşly ukyby bardyr. Adaty parazit simptomsyz geçip, çynlakaý kynçylyklar döredip bilýän toksoplazmozyň döremegine sebäp bolýar. Alymlar T. gondii-niň organellerini, Rett sindromy ýaly newrologiki keselleri bejermekde peýdaly beloklary öndürmek üçin üýtgetdiler.
Beýni dokumalarynda we syçanlarda geçirilen synag, üýtgedilen parazitiň bejeriş beloklarynyň üstünlikli gowşurylmagyny we aralaşmagyny tassyklady. Geljekde üýtgedilen T. gondii çylşyrymly beýni keselleriniň täsirli bejergisine öwrülip biler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....