iSpace ýapon kompaniýasy şu ýyl Aýa kiçi göwrümli 5 kg Tenacious rowerini iberer

  • 01.08.2024 11:25
  • 2.4k+

Ýaponiýanyň iSpace kompaniýasy şu ýylyň ahyrynda Aýa iberiljek kiçi Aýda ýöreýän enjam Tenacious-y gurnama işlerini tamamlady. Lýuksemburgda işlenip düzülen 5 kilogramlyk rower ikinji HAKUTO-R missiýasynyň çäklerinde Resilience gonuş modulynyň bortunda Aýa eltiler diýlip, Space.com saýtynda habar berilýär.

Tenacious Aýyň üstüni surata düşürmek üçin HD kamera bilen üpjün edilen we Ýerden dolandyrylar.
Bu iSpace-iň 2023-nji ýylyň aprel aýyndaky şowsuz missiýasyndan soň Aýa asuda gonuş üçin ikinji synanyşygydyr. Kanaweral burnundan SpaceX Falcon 9 raketasynda uçuryş ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär. Tenacious-den başga-da, modul Artemis NASA maksatnamasynyň çäklerinde täjirçilik we ylmy enjamlary Aýa elter.
Şeýle-de, iSpace üçünji missiýanyň hem üstünde işleýär, ol 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär we APEX 1.0 Aý modulyny ulanar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....