Hytaýyň günortasynda tirannozawryň näbelli görnüşi tapyldy

  • 01.08.2024 11:30
  • 4.7k+

Hytaýyň Çžeszýan tebigy taryhy muzeýiniň paleontologlary tirannozawryň täze görnüşini tapdylar diýip, Phys.org ýazýar.

Gazylyp alnan galyndylar Guançžou şäherindäki gurluşyk meýdançasynda tapyldy. Täze görnüşe Aziýa yklymynyň adyndan we latynça tyrannus – “zalym, patyşa” sözünden gelip çykýan Asiatyrannus xui ady berildi.
Gözleg topary tapyndynyň kelleçanagyny, oňurgasynyň bir bölegini, arka aýaklarynyň we guýrugynyň süňküni gözden geçirdi. Dinozawryň kelleçanagynyň uzynlygy 47,5 sm, bedeniniň umumy uzynlygy 3,5-4 metre deňdir.
Galyndylar 66–72 million ýyl mundan ozal, giçki Mel döwrüne degişlidir. A. xui beýleki has uly tirannozawrlardan uzyn ýüzi we bedeniniň beýleki bölekleri bilen tapawutlanýar. Gözlegçileriň aýtmagyna görä, bu dinozawr aýratyn ekologiki ýeri tutup, has kiçi we has çalt iýmit bilen iýmitlenipdir.
Tapyndy, tirannozawridleriň Laramidiýadan Hytaýyň günortasyna ozal pikir edilişinden has giç göçüp gelendikleri baradaky teoriýalary goldaýar. Häzirki Demirgazyk Amerikanyň günbatar kenarýakasynda ýerleşen Laramidiýa adasy, tirannozawr nesiliniň gelip çykyş çeşmesi hasaplanýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....