Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýar

  • 01.08.2024 09:53
  • 4.3k+

31-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen geçiren duşuşygynda häzirki wagtda türkmen gazynyň doganlyk Türkiýe Respublikasyna, soňra Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi möhüm meseleleriň biri bolup durýandygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany Türkmenistanyň tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biridigini we Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň martynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama hem-de “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilendigi nygtaldy. Bu resminamalar nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin möhüm hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
Häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy dowam edýär. Onuň işe girizilmegi türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy döwletlere, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, ýokarda ady agzalan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz türk tarapynyň tekliplerine garamaga hem-de netijeli başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda strategik döwletara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.


düýn 19:38
3.6k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......