Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Germaniýanyň täze ilçisi bilen duşuşdy

  • 30.07.2024 15:26
  • 1.7k+

29-njy iýulda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowa ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Ministr ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we durmuş ugurlarynda netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi.
Özara gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde we «Merkezi Aziýa – Germaniýa» gepleşikleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.
Taraplaryň umumy pikirine görä, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ýene bir ileri tutulýan ugrudyr. Şu nukdaýnazardan German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga üns çekildi.
Şeýle-de söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklaryny berkitmekde we medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagynda iňňän möhüm orun eýeleýän medeniýet we bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy.


düýn 18:57
976

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
968

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
993

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......