Raşid Meredow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşdy

  • 30.07.2024 14:58
  • 2.5k+

29-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnamanyň güýje girmeginiň ähmiýetini belläp geçmek bilen taraplar parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
BMG-niň esas goýujy halkara resminamalarynyň we konwensiýalarynyň, şeýle-de ýaragsyzlanmak çygrynda köptaraplaýyn resminamalaryň ençemesiniň gatnaşyjysy bolmak bilen Türkmenistanyň sebit hem-de ählumumy derejede bu işlere hemmetaraplaýyn ýardam bermegini dowam etdirjekdigi bellenilip geçildi.
Taraplar Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasy tarapyndan gurnalýan okuw sapaklaryna we maslahatlara milli hünärmenleriň gatnaşmagyny üpjün etmek hem-de tehniki goldaw bermek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.


düýn 19:38
3.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......