Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

  • 28.07.2024 13:04
  • 15k+

27-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ilki bilen täze şäheriň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän Çeper halyçylyk kärhanasynyň bina ediljek ýeri we bu töweregiň tebigy aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, desgalaryň bezeg işleriniň, olarda oturdylmagy meýilleşdirilýän şekilleriň we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebap bolmalydygyna ünsi çekdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri gurulýan desgalarda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň özboluşly aýratynlyklaryna mahsus reňk sazlaşygynyň emele getirilmeginiň we her welaýata degişli senetkärçilik aýratynlyklarynyň görkezilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, bu babatda ýolbaşçylara degişli tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaş ýurtlardan getirilýän mermer we beýleki bezeg daşlarynyň ýurdumyzyň telekeçileri tarpyndan gaýtadan işlenilip zerur bolan şekilleriň döredilmeginiň guwandyryjy ýagdaýdygyny belläp, ýerli işewürleriň elinden çykan bezeg daşlarynyň we germewleriň täze desgalaryň gurluşygynda, timarlaýyş işlerinde ulanylmagyny oňlady.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri önümçilik toplumlarynyň gurluşygy, ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we binalaryň bezeg işlerinde ulanyljak serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......