Türkmenistandan lukman talyplar Astrahanda önümçilik tejribeligini geçdiler

  • 28.07.2024 12:34
  • 6.6k+

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Astrahanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň binýadyndaky “Lukmançylyk-sanitariýa bölümide” umumy lukmançylyk boýunça önümçilik tejribeligini geçdiler. Bu barada ORIENT Astrahan sebitiniň häkimliginiň portalyna salgylanyp habar berdi.

Talyplar terapiýa, kardiologiýa, lukmançylyk reabilitasiýasy we hassahananyň kabul ediş bölümi bilen tanyşdylar we oftalmologiýa merkeziniň hünärmenleri bilen söhbetdeş boldular. Olar ýokary okuw mekdebiniň akkreditasiýa we simulýasiýa merkezine baryp gördüler, şol ýerde edaranyň ýolbaşçysy Ruslan Falçari interaktiw usulda okuw wagtynda ulanylýan iň täze enjamlary görkezdi.
Geljekki lukmanlar ýürek-damar hirurgiýasy Federal merkezine hem baryp gördüler.
Astrahanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Olga Başkina, türkmen talyplarynyň geljekki hünärlerine düşünmäge bolan gyzyklanmalaryna ýokary baha berdi we mundan beýläkde bilelikde netijeli işleşjekdigine umyt bildirdi.
Bu önümçilik tejribeligi Astrahanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasyndaky 2019-njy ýylda Aşgabatda gol çekilen hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäginde gurnaldy.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......