Alymlar Aýdan agramynyň 41%-i suw bolan kristal tapdylar

  • 26.07.2024 17:46
  • 6k+

Hytaýly barlagçylar Aý topragynyň nusgalarynda 41%-i suwdan ybarat özboluşly kristal tapdylar. Gürrüň 2020-nji ýylda “Çane-5” zondy arkaly Ýere getirilen nusgalar hakda barýar. “Hi-tech Mail.ru” ýazýar. 2024-nji ýylda Aýyň arka tarapyndan “Çane 6” missiýasy tarapyndan alnan täze nusgalar entek öwrenmek üçin elýeterli däl diýip, Hi-tech Mail.ru ýazýar.

50 ýyl ozal Aý topragynyň amerikan we sowet nusgalary getirilenden soň, alymlar “gurak Aý” düşünjesini kabul etdiler - emeli hemrada suw bar hem bolsa, gaty az diýen karara geldiler. Emma soňky barlaglar we täze tehnologiýalar diňe polýar kraterlerinde buz görnüşinde däl-de, eýsem üstki gatlaga golaý ýerde kislorodyň we wodorodyň bardygynyň subutnamalaryny ýüze çykardy. Ilkibaşda bu açyş hindi “Çandraýan-1” orbital stansiýasy tarapyndan edildi, şondan soň oňa NASA-nyň gurallary hem goşuldy, häzir bolsa munuň şeýledigini Hytaýyň “Çane-5” barlagy tassyklady.

2020-nji ýylda Aýyň görünýän tarapyndan Ýere getirilen topragyň nusgalary häzirki wagtda ünsli öwrenilýär. Pekiniň milli fizika barlaghanasynyň we beýleki barlag edaralarynyň wekilleri hut şolaryň düzüminden özboluşly bir daş tapdylar. Alymlaryň aýdyşy ýaly, "Näbelli mineral" ýa-da ULM-1 planetamyzyň emeli hemrasyndan tapylan kristal görnüşindäki suwuň ilkinji tassyklanan mysalydyr.

Gyzykly tarapy, hytaý zondy topragyň nusgalaryny sowet we amerikan enjamlaryndan tapawutly bir giňişlikden - has ýokary giňişlikden alypdyr. Şeýlelikde, täze nusgalarda suwuň bardygyny we köne nusgalarda onuň bolman hem biljekdigini şonuň bilen düşündirip bolar.

Tapyndy çuňňur ylmy ähmiýete eýe, sebäbi geljekki kosmos missiýalarynda Aýyň ewolýusiýasyny we baýlyklaryny öwrenmekde ol täze mümkinçilikleri açýar.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....