Italiýada deňziň düýbünden suw basan Rim willasynyň mermer poly tapyldy

  • 26.07.2024 07:30
  • 15k+

Bakolide (Italiýa) Baýýa suwasty arheologiýa seýilgähinde suwasty dikeldiş  taslamasynyň çäklerinde alymlar suw basan Rim willasynyň mermer poluny  tapdylar diýip, Arkeonews neşiri habar berýär.

Tapylan pol gadymy döwürlerde Rim begleriniň kaşaň şypahanasy hökmünde tanalýan suw basan Baýe şäherinde ýerleşýär. Şäher willalary, termiki çeşmeleri we gedonistik atmosferasy bilen meşhur bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen, Baýeniň böleklerini wulkan işjeňligi we bradiseýsma, ýagny Ýeriň üstki gatlagynyň haýaljakdan, gezekli-gezegine ýokary galmagy we aşak çökmegi sebäpli suw basypdyr.

Poluň meýdany, takmynan, 250 inedördül metr bolup, onuň ýaşy Rim imperiýasynyň ahyryna degişli edilýär. Ol çylşyrymly geometrik nagyşlary emele getirýän mermeriň uly bölekleriniň ulanylmagy bilen häsiýetlendirilýän opus sectile usuly bilen ýasalypdyr. Bu usul, köplenç, willalar, köşkler we köpçülik hammamlary ýaly, kaşaň binalarda baýlyga we çeperçilik ussatlyga baýrynmak üçin ulanylýar.
Gyzykly tarapy, pol ulanylan mermerden gurlupdyr, munuň çykdajylary azaltmak üçin edilen bolmagy mümkin. Bu, hatda iň baý adamlaryň hem Rim imperiýasynyň dargaýan döwründe maliýe kynçylyklaryny başdan geçirendigini görkezýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....