Gazagystanda bürünç asyryna degişli daşda oýulyp ýasalan ýüzüň heýkeli tapyldy

  • 25.07.2024 14:04
  • 13k+

Gazagystanyň Akmola oblastynda bürünç eýýamyna degişli adamyň ýüz keşbi bolan daş heýkeli tapyldy. Bu açyş barada Arkeonews portaly habar berdi.

Bu tapyndy Sandyktau obasyndaky ýerli ýangyn gullugynyň işgärleri tarapyndan tötänleýin tapyldy. Heýkel sebitdäki adatdan daşary ýagdaýlar bölüminiň goragy astyna alyndy. Ony öwrenmek üçin Astanadan we daşary ýurtlardan arheologlar çagyryldy.
Alkey Margulan Arheologiýa Institutynyň işgäri Sergeý Ýarygin şuňa meňzeş ýadygärlikleriň bürünç eýýamynda Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa sebitlerinde ýerleşendigini belläp geçýär.
Daşdaky ýüzüň döredilmeginiň takyk senesi entek kesgitlenmedi. Alymlar onuň dürli döwürlerde, şol sanda has soňraky döwürde oýulyp bilnendigini aýdýarlar. Bu heýkeli öwrenmek Gazagystanyň çägindäki gadymy siwilizasiýalary, olaryň ýaşaýyş durmuşyny, medeniýetini we ynançlaryny açyp görkezip biler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....