Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

  • 25.07.2024 11:34
  • 13k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan täze mazmun bilen baýlaşýandygyny, özara ynanyşmak, açyklyk häsiýeti bilen tapawutlanýandygyny uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.
Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky wagtyň synagyndan geçen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris” diýip, döwlet Baştutany hatynda nygtady.

Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-özbek döwletara gatnaşyklarynyň hem-de strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de doganlyk halklaryň bähbidine has-da ösdüriljekdigine pugta ynam bildirip, Prezident Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan döwlet işinde täze üstünlikleri, Özbegistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......