Diplomatlar «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdylar

  • 24.07.2024 15:28
  • 4.4k+

23-nji iýulda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýoko Kamikawa Tokio şäherinde akkreditirlenen Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Duşuşygyň gün tertibine 2024-nji ýylyň awgustynda Astana şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň ilkinji Sammitiniň guramaçylyk meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, ýokary derejedäki Sammit alty taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm itergi berer.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......