“Garaňky kislorod”: Geologlar ummanyň düýbünden täze kislorod çeşmesini tapdylar

  • 24.07.2024 15:24
  • 8.5k+

Beýik britaniýaly, germaniýaly we ABŞ-ly barlagçylar topary Ýuwaş ummanyň düýbünden täze kislorod çeşmesini tapdy. Gün şöhlesiniň düşmeýän ýerinde emele gelýändigi üçin ony "garaňky kislorod" diýip atlandyrdylar. Barlagçylar demirmarganes tokgalarynyň baý ýataklary bilen tanalýan Ýuwaş ummanynyň merkezi Klarion-Klipperton sebitinde synag geçirdi. Olar sebitdäki kislorod konsentrasiýasynyň fon derejesinden üç esse ýokarydygyny anykladylar. Hadysany adaty çeşmeler bilen düşündirip bolmaýar.

“Bu çuňňur deňiz bentosynyň sarp edýän kislorod mukdary baradaky ähli maglumatlara ters gelýär. “Gara kislorodyň” dem alyşda hem rol oýnaýandygyna ynanýarys ”- diýip, Nature Geoscience žurnalynda çap edilen makalanyň awtorlary ýazdylar.

Alymlar "gara kislorodyň" marganes, kobalt, sirkoniý we seýrek toprak elementlerine baý demirmargenes konkresiýalarynda ýüze çykýan elektroliz sebäpli emele gelýändigini çaklaýarlar. Bu konkresiýalar, esasan, metal ionlarynyň arasyndaky potensial tapawudyň netijesinde kislorod bölüp çykarmak bilen “geo-batareýalar” hökmünde çykyş edýär.

"Gara kislorodyň" tapylmagy suw çuňluklaryndaky ekoulgamlara düşünmek üçin möhüm ähmiýete eýe. Şeýle hem, demirmarganes konkresiýalarynyň gazylyp alynmagy baradaky aladalary döredýär, sebäbi bu ýataklaryň özleşdirilmegi ýerli ekoulgamyň deňagramlylygyny bozup, deňiz ýaşaýşyna ýaramaz täsir etjek netijelere sebäp bolup biler.

Häzirki wagtda barlagçylar takyk mehanizmlerine we daşky gurşawa täsirine düşünmek üçin bu hadysany öwrenmegi dowam etdirýärler.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....