Eýran Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa yzygiderli ýük otly gatnawyny ýola goýdy

  • 22.07.2024 15:49
  • 11k+

21-nji iýulda Eýranyň Tähran prowinsiýasyndaky Eslamşehr şäherinde ýerleşýän ýurduň iň uly gury porty bolan Aprindäki ammardan Türkmenistanyň üsti bilen Hytaýa ýük otlusy ýola düşdi.

Hytaýyň demirgazyk-günbataryna çenli uzajak 10 297 kilometrlik ugur iki hepdeläp dowam eder, bu bolsa ýüküň deňiz boýunça ugradylmagyndan iki esse çaltdyr diýip, Eýranyň «Press TV» agentligi habar berýär.
Otly Türkmenistan bilen serhetdäki Inçeburun stansiýasyna tarap ugur aldy. Ol onlarça konteýner alyp barýar we Hytaýyň Iu şäherindäki soňky nokadyna ýetmezden ozal, Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystanyň Altynkol stansiýasyna barar.
Eýranyň Söwda we demir ýol amallary boýunça wise-prezidenti Morteza Jafari otlularyň hepdede bir gezek iki tarapa gatnajakdygyny, soň bolsa onuň ýygylygynyň üstüniň günde ýene bir otly bilen ýetiriljekdigini aýtdy.

19-njy iýulda Russiýa, Gazagystan, Türkmenistan hem-de Eýran 2024-2025-nji ýyllar üçin «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugrunyň mümkinçiliklerini sinhron ösdürmek boýunça ýol kartasyna gol çekdiler.


şu gün 17:31
270

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
818

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....