Türkmenistan, Gazagystan, Russiýa we Eýran "Demirgazyk- Günorta" ulag geçelgesini ösdürmegiň meýilnamasyny tassykladylar

  • 20.07.2024 09:13
  • 6k+

19-20-nji iýulda Gazagystanda Aktauda geçirilýän birinji "Demirgazyk-Günorta" ulag söwda-eksport forumynda Russiýa, Gazagystan, Türkmenistan we Eýran "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugruny birsydyrgyn ösdürmek boýunça Ýol kartasyna gol çekdiler.

Resminama laýyklykda, 2027-nji ýyla çenli bu geçelgäniň geçirijilik kuwwaty ýylda 15 million tonna, 2030-njy ýyla çenli bolsa 20 million tonna çenli artmaly.

"Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesi ýük daşamalaryny artdyrmagyň ýokary mümkinçiliklerine eýe we ol Hindi ummanyna üstaşyr daşamalar üçin iň gysga howpsuz ugur bolup durýar" diýip, Gazagystanyň Ulag ministrligi edaranyň ýolbaşçysy Marat Karabaýewiň sözlerini getirýär.

Aktaudaky foruma 12 döwletden, şol sanda Azerbaýjandan, Ermenistandan, Owganystandan, Belarusdan, Yrakdan, Eýrandan, BAE-den, Omandan, Russiýadan, Özbegistandan, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň we Ýewraziýa ykdysady toparynyň wekillerinden 440-dan gowrak adam gatnaşdy.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

26.05.2026 01:02
4.7k+

Gazagystanda harytlaryň hökmany belgilenmegi sebäpli eşikler gymmatlap başlar

Gazagystanyň hökümeti ýeňil senagaty ösdürmegiň täze toplumlaýyn meýilnamasyny taýýarlaýar. Maksatnamada harytlaryň hökmany suratda ýörite belliginiň girizilmegi, kärhanalary döwrebaplaşdyrmak we ýurduň içinde......