Türkmenistan we ADNOC gaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

  • 22.07.2024 12:57
  • 3.6k+

20-nji iýulda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar boýunça ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Sultan Ahmed Al-Jaberiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, «Galkynyş» gaz käniniň özleşdirilmegi we Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan halkara energetika taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ADNOC kompaniýasynyň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýyldan başlap, ADNOC halkara kadalaryna we gaz pudagynda işleri alyp barmagyň tejribesine laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklaýar.
Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen duşuşygyň netijeleri boýunça  türkmen we emirlikler taraplary özara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmak we durmuşa geçirilýän taslamalar bilen baglanyşykly aýry-aýry ykdysady we tehnologiki jähtlere garamak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini tassykladylar.


20.06.2026 11:54
5.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.7k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......