Rus alymlary neýroulgama guraklygy bir ýyl öňünden çaklamagy öwretdiler

  • 21.07.2024 11:42
  • 6.3k+

Skolkowo Ylym we tehnologiýa institutynyň (Skolteh) rus alymlary Sberbank konglomeratynyň goldawy bilen guraklygy bir ýyl öňünden çaklamaga mümkinçilik berýän algoritm döretdiler diýip, Hi-tech mail.ru habar berýär.

Nerw ulgamlaryna we aýlyk howa maglumatlaryna esaslanýan bu model gurak howany ýokary takyklyk bilen çaklamagy başarýar. Öwretmek üçin dünýäniň her hili howa zolakly bäş sebitinden toplanan maglumatlar ulanyldy, esasanam, synaglar Polşany, Missurini (ABŞ), Goýasy (Braziliýa), Madhýa-Pradeşi (Hindistan) we Gazagystanyň demirgazyk bölegini öz içine aldy.
Täze tehnologiýa oba hojalygy kärhanalaryna töwekgelçilikleri wagtynda göz öňünde tutmaga, işlerini meýilleşdirmäge we gurakçylykdan geljek zyýany azaltmak üçin öňünden çäreleri görmäge mümkinçilik berer.

“Dürli faktorlary, şol sanda ählumumy maýlamany göz öňünde tutmak zerurlygy sebäpli bu tebigy hadysany modellemek gaty kyn. Biziň modellerimiz bir ýyl öňünden gurakçylygy dogry çaklamaga mümkinçilik berýär " - diýip, Skolteh amaly emeli aň merkeziniň barlagçy inženeri Aleksandr Marusow nygtady.


08.06.2026 16:45
3.7k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.3k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
1k+

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......