Türkiýe türkmen gazyny swap usuly arkaly ibermek boýunça tiz wagtda ylalaşyk gazanmaga bil baglaýar

  • 19.07.2024 14:45
  • 6.5k+

Türkiýe ýakynda wagtda swap usuly arkly türkmen gazyny ibermek hakynda ylalaşyk gazanmagy meýilleşdirilýär diýip, Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar Bloomberg agentligine beren interwýusynda belledi.

«Häzirki wagtda Türkiýe goňşy Eýranyň üsti bilen Türkmenistandan swap usuly arkaly (gaz alyş-çalyş) gazy import etmek mümkinçiligini öwrenýär" diýip, ministr belledi.

Baýraktar eýýäm şu aýyň ahyryna ylalaşyk gazanmaga umyt bildirdi.
2024-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan we Türkiýe Tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. 2024-nji ýylyň iýun aýynda Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) we Botas türk gaz kompaniýasy Azerbaýjanyň we üçünji ýurtlaryň üsti bilen türkmen gazyny Türkiýä ibermek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk baglanyşdylar.


17.01.2026 08:47
4.8k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.6k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...

27.12.2025 13:07
10k+

2026-njy ýylyň başynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry başlanar

2026-njy ýylyň başynda Hytaýyň CNPC nebitgaz korporasiýasy Türkmenistandaky ägirt uly «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň dördünji tapgyryny amala aşyrmaga girişer. Bu barada "Nebit-Gaz" elektron neşiri habar berýär...

24.12.2025 14:12
20k+

Tebigy gazy öndürmek boýunça dünýäniň iň iri 10 ýurdunyň reýtingi düzüldi

Tebigy gaz iň möhüm energiýa serişdeleriniň biri bolmagynda galýar, gaz çykarylyşy baradaky iň täze maglumatlar bolsa global bazaryň nähili jemlenendigini görkezýär. ABŞ-nyň Energetika institutynyň "Statistical...