“Pälwanyň daşy”: Köýtendagda pälwanyň hatyrasyna goýlan ýadygärlik özüne çekiji ýere öwrüldi

  • 18.07.2024 11:38
  • 30k+

“Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda, Köýten we Hojapil obalarynyň arasynda ýerleşýän özboluşly ýadygärlik barada gürrüň berdiler. Ýerli pälwan Hudaýberdi Misanyň hormatyna gurlan ýadygärlik postamentde goýlan 584 kg agramly togalak daşdyr.

Ýerli rowaýata görä, 1888-1917-nji ýyllarda ýaşap geçen Hudaýberdi Misan ýeňilmezek göreşiji bolupdyr. Ol bu daşy obadaşlaryň onuň obada bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmegi üçin ýoluň bir tarapyndan beýleki tarapyna geçirip, özboluşly bellik hökmünde ulanypdyr.
Ýadygärlik 1980-nji ýyllarda ýerli ýaşlaryň başlangyjy bilen guruldy. Ol diňe bir meşhur pälwanyň hatyrasyny ebedileşdirmän, eýsem sebitiň baý sport däplerini alamatlandyrýar. Köýtendag özüniň söweş ussatlary bilen bellidir, olaryň köpüsi halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýär.
Netijede, “Pälwanyň daşy” syýahatçylaryň ünsüni çekiji meşhur ýere öwrüldi. Bu ýerde olar Hudaýberdi Misanyň geň galdyryjy wakasy bilen tanyşýarlar we owadan tebigatdan lezzet alýarlar.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......