Bukingem köşgüniň Balkon zaly ilkinji gezek syýahatçylar üçin açylar

  • 17.07.2024 14:58
  • 5.6k+

Bukingem köşgüniň, adatça, diňe monarh we şa maşgalasy üçin elýeterli bolan Balkon zaly ilkinji gezek halk köpçüligi üçin açylar. Bu barada CNN ýazýar.

Myhmanlar şa maşgalasynyň aýratyn ýagdaýlarda ýygnanýan otagyny synlap bilerler, ýöne eýwanyň özüne çykmak gadagan ediler, diňe ýukajyk perde arkaly syn etmek mümkinçiligi bolar.
45 minut dowam edýän ekskursiýa 15-nji iýuldan 31-nji awgusta çenli dowam eder. Bahasy, takmynan, $97 bolan petekler eýýäm satylyp gutardy.

Ekskursiýanyň iň gyzykly bölegi hut merkezi otag bolar (balkonyň aňyrsyndaky otag resmi taýdan şeýle atlandyrylýar), bu ýerde lotos şekilindäki aýna lýustra we 1897-nji ýylda Hytaý imperatory tarapyndan şa aýaly Wiktoriýa Brilliant ýubileýi mynasybetli sowgat berlen XVIII asyryň 2 sany ýüpek diwar bezegi ýaly özboluşly eksponatlar goýlar.
Balkon zalyny öz içine alýan köşgüň gündogar ganatynyň abatlaýyş işleri 5 ýyldan gowrak wagt dowam etdi. Ol 10 ýyl dowam etmegine garaşylýan Bukingem köşgüniň tutuş durkuny täzeleýiş işleriniň bir bölegidir.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......