Ýerdäki ähli janly-jandarlaryň umumy atasy 4,2 milliard ýyl mundan ozal peýda bolupdyr

  • 16.07.2024 14:13
  • 4.2k+

Halkara genetikler topary Ýerdäki ähli janly-jandarlaryň umumy atasy bolan Lukanyň, takmynan, 4,2 milliard ýyl ozal peýda bolandygyny kesgitledi. Beýik Britaniýanyň Bristol uniwersitetiniň metbugat beýanatynda çap edilen bu açyş planetamyzda ýaşaýşyň örän çalt ýüze çykandygyny görkezýär diýip, TASS habar berýär.

Barlagçylar Lukanyň (Last universal common ancestor, LUCA) genomyny täzeden dikeltmek we onuň peýda bolan wagtyna baha bermek üçin dürli usullary ulandylar. Olar arheýalaryň we bakteriýalaryň arasynda genetiki materialyň alyş-çalşygyny göz öňünde tutup, ähli janly-jandarlaryň DNK-synda bar bolan iň gadymy genlerde mutasiýalaryň ýygnanyş tizligini seljerdiler.
Mundan başga-da, alymlar irki organizmleriň ýaşaýyş şertlerini, bolup biljek howplary we fiziologiki aýratynlyklaryny öwrendiler. Netijeler, Lukanyň geniniň 2,5 million nukleotidden ybaratdygyny we takmynan 2,6 müň belok kodlandygyny, munuň olary häzirki zaman arheýalaryna we bakteriýalaryna meňzeýändigini görkezýär. Luka, häzirki zaman anaerob mikroblary ýaly, wodorod bilen iýmitlenipdir we beýleki gadymy organizmler üçin iýmit bolup biljek sirke kislotasyny bölüp çykarypdyr.
Täze açyş Lukanyň eýýäm Ýer emele geleninden 200-300 million ýyl soň bardygyny subut etdi. Mundan başga-da, ol wiruslardan goraýan genlere eýe bolup, şol döwürde organizmleriň arasynda işjeň täsirleşýän doly bahaly ekoulgamlaryň bolandygyny görkezýär.
Bristol uniwersitetiniň professory Filip Donohýu bu açyş ewolýusiýanyň görlüp-eşidilmedik ösüş tizligini görkezýär we beýleki planetalarda hem şuňa meňzeş biosferalaryň bar bolmak ähtimallygyny ýokarlandyrýar diýdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....