Marsda ýaşaýyş nähili?: NASA meýletinçiler bilen birýyllyk tejribe geçirdi

  • 11.07.2024 14:17
  • 8.1k+

NASA adamlaryň Marsa geljekki uçuşlarynyň taýýarlygyna gönükdirilen Gyzyl planetadaky ýaşaýşy imitirlemek boýunça bir ýyl dowam eden tejribesini tamamlady. Bu barada BBC habar berýär.

10 müň dalaşgärden saýlanan dört meýletinçi “Mars blogunda” – geljekki kolonistleriň Marsda ýaşaýyş şertlerini modelirleýän, meýdany 160 inedördül metr bolan tejribe toplumynda bir ýyl boldular. Olaryň missiýasy 2023-nji ýylyň 25-nji iýunynda başlady.
Tejribäniň dowamynda NASA serişde tarapdan çäklendirilen izolýasiýada astronawtlaryň ýaşaýşynyň psihologiki taraplaryny öwrendi. Meýletinçiler dürli kynçylykdan, şol sanda Ýer bilen aragatnaşygyň gijikme şertlerinden hem baş alyp çykmaly boldular. Ekipaž radio arkaly soragyň jogabyna ýarym sagat töweregi garaşmaly bolýandygy üçin, ýüze çykýan meseleleri özbaşdak çözmeli boldy.
Tejribä gatnaşyjylar “Ýerden alnan” konserwler bilen iýmitlendiler, şeýle-de kiçiräk ýyladyşhanada gök önümleri we gök otlary ösdürip ýetişdirdiler, bu hem suwdan we beýleki zerur çeşmelerden seresaply peýdalanmagy talap edýärdi.
Mundan başga-da, astronawlar “Mars gurşawynyň” elementlerini modelirlemek üçin 3D çap usulyny ulandylar. Alymlar 3D çap ediş Gyzyl planetadaky çägäni ulanyp, geljekki Mars koloniýalaryny gurmagyň açary bolup biler diýip hasaplaýarlar.
“Mars blogunyň” tejribesi Marsy üstünlikli özleşdirer ýaly zerur tehnologiýalary we strategiýalary işläp taýýarlamak üçin gymmatly maglumatlary berdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....