Hirurg-garynjalar: ýoldaşlaryny halas etmek üçin garynjalar amputasiýa etmegi öwrenipdirler

  • 08.07.2024 15:40
  • 21k+

Şweýsariýanyň Lozanna uniwersitetiniň alymlary garynjalaryň ýoldaşlarynyň janyny halas etmek üçin olaryň el-aýaklaryny kesmäge ukyplydygyny anykladylar diýip, The Guardian habar berýär.

Current Biology žurnalynda çap edilen barlag Floridanyň agaç ussasy-garynjalarynyň (Camponotus floridanus), şikesiň ýerleşýän ýerine baglylykda, çylşyrymly lukmançylyk amallary arkaly bejergi etmek bilen meşgullanýandygyny görkezdi.
Alymlar koloniýanyň reaksiýasyny öwrenmek üçin garynjalaryň art aýaklaryna bilkastlaýyn şikes ýetirdiler. Uýlugyna zeper ýetirilen 17 garynjanyň 13-si ýoldaşlary tarapyndan amputasiýa edildi. Kesmek prosesi ilki garynjalaryň ýarany ýalamagy bilen başlandy. Soňra bolsa çanaklyk süňki bilen bognuň birleşýän ýerine ýetýänçä zeper ýeten aýak boýunça kem-kem ýokarlygyna galdy. Şondan soň şikes ýeten aýagy doly kesýänçäler birnäçe gezek dişlediler.
Amputasiýa ýaranyň azmagynyň töwekgelçiligini azaltdy we ýaralanan garynjanyň diri galmak mümkinçiligini ýokarlandyrdy.
Injik süňküne zeper ýeten ýagdaýynda garynjalar aýagy kesmediler, ýarany ýalamak bilen çäklendiler. Bu çemeleşme şikesiň ýeten ýerine baglylykda ýokuşma töwekgelçiliginiň tapawutlydygy bilen baglanyşyklydyr.
Geçirilen synaglar kowumdaşlarynyň bejergisini alan, şol sanda aýagy kesilen garynjalaryň, kömek berilmän galan garynjalara garanyňda, diri galmak mümkinçiliginiň has ýokarydygyny görkezdi.
Barlagyň ýolbaşçysy doktor Erik Frank mör-möjekleriň bu ukybynyň koloniýanyň aman galmagy, esasanam, goňşy koloniýalar bilen çäk dawalarynda garynjalar biri-birine şikes ýetirende ýaşaýşa ukyply bolup galmagy üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....