Alymlaryň täze açyşy: adamlar popkorny ýedi müň ýyl mundan ozal oýlap tapypdyrlar

  • 06.07.2024 23:40
  • 6.3k+

Arheologlar kino söýüjileriň gowy görýän tagamy bolan popkornyň gadymy döwürlerde, tas 7000 ýyl mundan ozal oýlanyp tapylandygyny anykladylar. Bu barada Olbanidäki Nýu-Ýork ştatynyň uniwersitetinden antropologiýa professory Şon Refferti “Live Science” neşirine gürrüň berdi.

Öň, Meksikadaky gury gowaklarda mekgejöweniň ýa-da başgaça atlandyrylyşy ýaly – maisiň 9000 ýyl mundan ozal ösdürilip ýetişdirilendigine subutnama tapyldy. Şol ýerden ol Demirgazyk we Günorta Amerika ýaýrapdyr. Mais ilkinji gezek häzirki Meksikanyň çäginde ýerli amerikalylar tarapyndan medenileşdirilipdir diýlip hasaplanýar. Irki ýer eýeleri maisi teosinte diýlip atlandyrylýan ösümlik görnüşinden ösdürip ýetişdiripdirler.
Adamlar oba hojalyk işleri bilen meşgullanyp başlamazdan ozal ýabany teosinteni ýygnap, onuň düzüminde çörekdäki ýa-da makarondaky ýaly krahmaly we uglewodlary köp saklaýan dänesini iýipdirler. Olar iň uly däneleri bolan teosinteni saýlapdyrlar we ahyrynda ony özbaşdak ösdürip başlapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen ýabany ösümlik häzirki günde mais diýlip atlandyrylýan zada öwrülipdir.
Ýöne adamlaryň olardan haçan popkorn taýýarlap başlandyklaryny Peruwdaky gowaklaryň birinde alymlar “popkorn” mekgejöweniniň köýen dänelerine, şeýle-de fitolitlere – ösümlikleriň ownujak galyndylaryna duş gelýänçä, takyk kesgitlemek kyn boldy. Seljerme olaryň ýaşynyň, takmynan, 6700 ýyldygyny görkezdi.
Hünärmenleriň pikiriçe, popkorn tötänleýin açylypdyr. Ähtimal, mekgejöwen däneleri oda düşüp, “ýarylyp” başlan bolmaly, ony gören adam bolsa munuň tagam taýýarlamagyň aňsat usulydygyna düşünendir. Ýene bir peýda, ony artykmaç zähmet sarp etmezden, ätiýaçlyk üçin taýýarlap goýmak bolýar, sebäbi gowrulan däneler uzak wagtlap saklanýar.
Gadymy popkorn, elbetde, häzirkiden tapawutlanypdyr. Oňa duz ýa-da ýag goşulmandyr, onuň berk gurluşy bolsa biziň öwrenişen “çişirilen mekgejöwenimize” meňzeş bolmandyr. Şeýle-de bolsa, ol özüniň iýmitlik aýratynlyklaryny saklap galypdyr.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....