Türkmenistan Polşada konsullyk edarasyny açmak meselesini öwrenýär

  • 06.07.2024 08:57
  • 4.3k+

Polşa Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Warşawada Türkmenistanyň konsullyk edarasyny ýa-da nokadyny açmak meselesiniň oňyn ýagdaýda çözülmegine gyzyklanma bildirýär. Bu teklibi içgin öwrenmek üçin 2024-nji ýylyň dördünji çärýeginde Türkmenistanyň degişli döwlet düzümleriniň wekillerini Polşanyň paýtagtyna iş saparyna ibermek teklip edilýär. Bu barada Hökümet mejlisinde habar berildi.

Türkmen-polýak hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň 17-nji iýunynda Warşawa şäherinde iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle hem “Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama” gol çekildi.
Şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ikitaraplaýyn iş toparyny döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda bu ugurda polýak tarapy bilen degişli işler alnyp barylýar. Medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň geljegi, şol sanda muzeýleriň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň dowamynda Warşawada ýurdumyzdaky muzeý eksponatlarynyň, şol sanda polýak medeniýetine degişli gymmatlyklaryň sergisini guramak boýunça işleriň geçirilmegi teklip edilýär. Polýak tarapy şu ýylyň 17-nji maýynda Aşgabatda açylan “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynda meşhur şahyr Adam Miskewiçiň heýkeliniň oturdylandygy üçin hoşallygyny beýan etdi.


şu gün 18:57
276

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
950

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
977

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......