Türkmenistanda Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalary işläp taýýarlamagyň Tertibi tassyklanyldy

  • 06.07.2024 07:50
  • 2.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet ylmy-tehniki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagyň, ýerine ýetirmegiň we maliýeleşdirmegiň Tertibini tassyklady.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy ylmy, ylmy-tehniki we innowasiýa işiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça döwlet ylmy-tehniki syýasatynyň amala aşyrylyşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, täze işläp taýýarlamalaryň, öňdebaryjy usullaryň, tejribeleriň we tehnologiýalaryň, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmak, maksatnamalary işläp taýýarlamak, maliýeleşdirmek bilen bagly gatnaşyklaryň düzgünleşdirilişini kämilleşdirmek maksady bilen, degişli resminamanyň taslamasyny taýýarlady.
Döwlet Baştutany degişli Karara gol çekip, ylym ulgamynda täze işläp taýýarlamalary, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary, ylmyň, tehnikanyň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagy has-da çaltlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....