2025-nji ýylda Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda geçiriler

  • 06.07.2024 07:43
  • 3.9k+

2025-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Ahal welaýatynda geçirmek meýileşdirilýär. Anna güni Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi.
Resminama bilen, Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine hem-de Ahal welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Şu ýyl bu sungat baýramçylygy Arkadag şäherinde geçirildi.


19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......