Antoniu Guterriş Aşgabada geldi. BMG-niň Baş sekretaryny Gurbanguly Berdimuhamedow garşy aldy

  • 06.07.2024 00:57
  • 4.1k+

5-nji iýulda günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Belent mertebeli myyhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow garşy aldy. Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen BMG-niň Baş sekretarynyň duşuşygy geçirildi. Onda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça pikir alşyldy.
Ikiçäk duşuşyk tamamlanandan soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we Antoniu Guterriş halkara howa menzilinden paýtagtymyz Aşgabatdaky  kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasyna geldiler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza sapary dowam edýär.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa döwletlerinde resmi saparda bolýar. Bu saparyny Özbegistandan başlan Antoniu Guterriş Gyrgyzystanda, Gazagystan we Täjigistanda saparda boldy.
Mundan öň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş 2017-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletlerinde saparda bolupdy.


08.06.2026 18:54
4.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......