Aşgabatda «Gid-terjimeçi» hünäri boýunça gysga möhletleýin okuwlaryň täze tapgyry başlaýar

  • 05.07.2024 16:29
  • 12k+

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi «Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)» hünäri boýunça ýolbeletleri taýýarlaýan gysga möhletleýin okuwlarynyň täze tapgyrlarynda okamaga çagyrýar.

Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däpler we olaryň özboluşlylygy Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşinde aýratyn orun eýeleýär.


Daşary ýurtlardan gelýän jahankeşdeleriň sanyny artdyrmak, ýurduň syýahatçylyk boýunça özüne çekijiligini kemala getirmek we tebigy, arheologik, taryhy-medeni, dikeldiş-bejeriş ýaly ugurlary boýunça Türkmenistanyň syýahatçylyk baýlyklaryny mahabat etmek hem-de ýolbelet hyzmatlaryň ýokary hilli bolmagy ugrunda hem birnäçe işler alnyp barylýar. Şu işleriň çäginde hem, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebinde «Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)» hünäri boýunça ýolbeletleri taýýarlaýan gysga möhletleýin okuwlar hereket edýär. Okuwlaryň dowamlylygy — 3 aý.
Orta hünär okuw mekdebinde taýýarlanýan hünärmenleriň beýleki ugurlary barada giňişleýin maglumaty syyahatohom.edu.tm web salgydan öwrenip bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+99365-96-66-13;
+99365-89-19-59.


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......