Tokioda “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” işewürler dialogy geçirildi

  • 05.07.2024 15:51
  • 1.4k+

4-nji iýulda Tokioda “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” işewürler dialogynyň ikinji duşuşygy geçirildi. Çärä sebitiň ýurtlarynyň ilçileri we Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdy.

Russiýa we täze garaşsyz döwletler bilen söwda boýunça ýapon assosiasiýasynyň (ROTOBO) howandarlygynda geçirilen duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçileri Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna baha berdiler hem-de ileri tutulýan ugurlary we ýapon kompaniýalary üçin mümkinçilikleri bellediler. Şu ýylyň awgust aýynda Astanada geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine aýratyn üns berildi. Öň, Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kisidanyň bu sammite gatnaşjakdygy tassyklandy.
Çäräniň çäklerinde ýaponiýaly işewürleriň, şol sanda Mitsui & Co., Marubeni we ITOCHU kompaniýalarynyň wekilleriniň çykyşlary boldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, Bilelikdäki beýannama gol çekdiler.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......