BYD Tesla-nyň yzyndan ýetýär: 8 millionunjy elektromobil we Tailandda rekord möhletde gurlan zawod

  • 05.07.2024 14:47
  • 4.5k+

Hytaýyň BYD awtoöndürijisi Tailandda täze zawod açdy we konweýerden kompaniýanyň täze energiýa çeşmelerinde işleýän 8 millionunjy awtomobilini çykardy. Kompaniýa üçin rekord 16 aýda gurlan zawod ASEAN ýurtlaryna we beýleki sebitlere eksport üçin önümçilik bazasy bolar diýip, IXBT habar berýär.

Dünýäde elektromobil satuwy boýunça öňdebaryjylaryň üçlügine girýän BYD Günorta-Gündogar Aziýada ynamly ösüş görkezýär. Tailandyň elektromobil bazarynda kompaniýanyň paýy 41%-e ýetdi, BYD bu ýerde eýýäm 18 aý bäri satuw boýunça öňdebaryjydyr.
Tailandda BYD-yň birikdirilýän gibrid modelleri çykarylar, bu hem kompaniýa bazardaky öňdebaryjylygyny berkitmäge kömek eder. Tailand BYD-yň ýurtda gözleglere we işläp taýýarlamalara maýa goýumyny dowam etdirmegine umyt bildirip, kompaniýa salgyt ýeňilliklerini we maliýe goldawyny berdi.
8 millionunjy BYD elektromobili Tailand bazarynda iň meşhur model bolan Dolphin boldy.
BYD elektromobil satuwy boýunça Tesla-nyň yzyndan ýetip barýar. Ikinji çärýekde hytaý awtoöndürijisi satuwy 21% ýokarlandyrdy. Umuman alanyňda, aprel – iýun aýlarynda BYD markaly 426 039 elektromobil satyldy, bu Tesla-nyň şol döwürdäki üpjünçiliginden bary-ýogy 12 müň awtomobil azdyr. Şeýle depginler bilen BYD öňdebaryjy global elektrokar öndürijisi bolup biler. 


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....