NASA köwüş gutusynyň ölçegindäki iki sany kiçi emeli hemranyň HKS-den çykarylyp goýberilişini görkezdi

  • 01.07.2024 12:23
  • 4k+

NASA Halkara kosmos stansiýasyndan iki sany kiçijik emeli hemranyň uçurylyp goýberilişiniň wideosyny paýlaşdy. Bu hadysa HKS-nyň  bortundaky kosmonawtlar syn etdiler.

Adaty aýakgap gutusynyň ululygyndaky iki sany kub görnüşli hemra 2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde ýörite Nanoracks CubeSat Deployer ýaýbaňlandyryş mehanizminiň kömegi bilen uçuryldy. BurstCube we SNOOPI, gabaralarynyň kiçidigine garamazdan, möhüm ylmy işleri ýerine ýetirerler.
BurstCube gamma-serpikmelerini, neýtron ýyldyzlarynyň çaknyşmagy bilen baglanyşykly güýçli kosmiki partlamalary öwrenmek üçin döredildi. Onuň datçikleri grawitasiýa tolkunlaryny döredýän bu seýrek we gysga wagtlyk hadysalary bellige alyp we gözegçilikde saklap bilýär.
SNOOPI Ýeriň ionosferasyny öwrenmek üçin radiosignallary ulanar. Bu maglumatlar global nawigasiýa we aragatnaşyk ulgamlaryny gowulandyrmak üçin möhümdir.
Hemralaryň ikisi hem ösen enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr we alymlara dürli kosmiki hadysalar barada täze maglumatlary almaga mümkinçilik berer.
BurstCube bilen SNOOPI-niň uçurylmagy ykjam kosmiki apparatlaryň ylmy barlaglary geçirmekde geljeginiň barha ösýändigini görkezýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....