Dünýäniň iň uzyn suwasty ötügi Germaniýany Daniýa bilen baglanyşdyrar

  • 01.07.2024 12:11
  • 12k+

2029-njy ýyla çenli Baltika deňzinde dünýäniň iň uzyn suwasty ötüginiň gurluşygy tamamlanar. Uzynlygy 18 kilometre barabar bolan Femarnbelt ötügi Putgarteniň nemes obşinasyny Daniýanyň Redbýu şäheri bilen birleşdirer diýip, New Atlas habar berýär.

Ötük 79 sany adaty we 10 sany ýörite bölümden ybarat bolup, hersiniň agramy, takmynan, 73 000 tonna bolar. Bölümler gury ýerde guýlup taýýarlanýar, soňra baržalarda gurluşyk meýdançasyna äkidilýär, deňziň 40 metre çenli çuňlugyna çümdürilýär we germetiklenýär.
Ötükden awtoulagly 10 minutda, otly bilen bolsa 7 minutda geçip bolýar. Bu häzirki wagtda Baltika deňziniň üstünden paromly geçmek üçin 45 minut wagt alýan ýola sarp edilýän wagty ep-esli azaldar.
Femarnbelt ötügi azyndan 120 ýyl ulanmaga niýetlenendir.


şu gün 15:06
271

Ryanair awiakompaniýasy ene-atalara çagalarynyň ýanynda mugt oturmaga rugsat berdi

Irlandiýanyň Ryanair awiakompaniýasy Beýik Britaniýanyň Bäsdeşlik we bazarlar boýunça edarasynyň (CMA) derňew işine başlamagyndan soň, uçaryň bortunda maşgala agzalaryny oturtmagyň düzgünlerini üýtgetdi.......

şu gün 10:00
2.5k+

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

25.06.2026 20:02
7.5k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......