Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 30.06.2024 18:12
  • 9.6k+

29-njy iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Özbegistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köpugurly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem dostlukly ýurduň Prezidenti häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine hem-de iki ýurduň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna Özbegistanda buýsanylýandygyny aýdyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.
Halk Maslahatynyň Başlygy mähirli gutlaglar hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda barha okgunly häsiýete eýe bolýandygyny, bu gatnaşyklaryň deňhukuklylyk we açyklyk ýörelgeleri esasynda guralýandygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplaryň söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagy ugur edinýändikleri tassyklanyldy. Şeýle hem syýasy partiýalaryň we kanunçykaryjy edaralaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, sebit derejesinde göni gatnaşyklary hem-de özara alyşmalary höweslendirmäge taraplaryň taýýardygy bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň barşynda, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň strategik we uzakmöhletleýin ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandyny, şeýle hem özbek Lideriniň biziň halklarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryny aýratyn belledi.
Dostlukly goňşy döwletiň Baştutany hoşniýetli sözler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Özbegistanda Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berilýändigini aýdyp, geljekde hem ony has-da pugtalandyrmak üçin zerur tagallalary etmäge ygrarlydygyny tassyklady.


şu gün 00:03
1.7k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.4k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......