Daşkentde “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi geçiriler

  • 28.06.2024 23:00
  • 7.7k+

2024-nji ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň, Işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisleri, şeýle hem “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi geçiriler. Bu barada degişli teklibi wise-premýer B.Atdaýew anna güni Hökümet mejlisinde aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bu çäreler “2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistan  bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bilelikdäki çäreleriň Meýilnamasyna (Ýol kartasyna)” laýyklykda alnyp barylýan işleriň çäginde geçirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň biziň ýakyn goňşymyz we hyzmatdaşymyz bolup durýandygyny belledi we Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 18-nji mejlisine, Türkmen-özbek işewürler Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle hem ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisini hem guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......