Biologlar kebelekleriň ummandan üstaşyr 4200 km ýoly geçip bilýändigini subut etdiler

  • 28.06.2024 21:35
  • 2.7k+

Halkara alymlar topary repeýnikçi kebelekleriň (Vanessa cardui) Atlantik ummany üstaşyr 4200 kilometrden gowrak ýoly uçup geçip biljekdigini subut etdi.

Nature Communications žurnalynda çap edilen bu barlagyň netijeleri Fransuz Gwianasynyň Atlantik kenaryndan tapylan kebelek ganatlarynyň genetiki materialynyň, tozgajyklarynyň we izotopiki düzüminiň seljermesine esaslanýar.
DNK derňewi Günorta Amerikadan tapylan kebelekleriň genetiki taýdan Demirgazyk Amerika tohumyna däl-de, Afrika we Ýewropa tohumyna degişlidigini tassyklady. Mundan başga-da, kebelekleriň bedeninde diňe tropiki Afrikada ösýän ösümlikleriň tozgajyklary tapyldy.
Ganatlarynyň izotopiki düzüminiň öwrenilmegi kebelekleriň Günbatar Afrikadan ýa-da Günbatar Ýewropadan gelendigini anyklamaga mümkinçilik berdi.

“Kebelekler Günbatar Afrikadan Atlantika ummany üstaşyr azyndan 4200 km uçup, Günorta Amerika gelipdirler. Emma syýahat Ýewropadan başlanyp, üç yklymdan geçilen bolsa, onda onuň dowamlylygy hasam uzak bolup biler. Şeýlelik bilen, göçegçileriň ýolunyň uzaklygy 7000 kilometre ýeten bolmagy ýa-da ondanam köp bolmagy mümkin. Munuň özi şeýle kiçijik mör-möjekler üçin ajaýyp üstünlik "-diýip, Ottawa uniwersitetiniň (Kanada) professory we barlagyň awtorlarynyň biri Kleman Bataý belleýär.

Genetiki we himiki derňew barlagyň diňe bir bölegi bolupdy. Şeýle hem alymlar kebelekleriň üsti açylmazyndan ozal ýeliň ugurlary baradaky taryhy maglumatlara göz aýladylar.
Derňew kebelekleriň, transatlantik syýahaty amala aşyrmak üçin, uzak aralyklara göterip äkidip bilýän amatly şemallary ulanandygyny görkezdi. Olar janly uçuşy “awtopilot” bilen çalyşýarlar, şunuň ýaly bir uçuşda olar azyndan 4200 km aralygy saklamazdan geçip bilipdirler. Hasaplamalara görä, syýahat 5-8 gün dowam edýär - bu kebelek-repeýnigiň tutuş uly ömrüniň gylla ýarysydyr diýip, New Atlas ýazýar.
Barlag näzik gözelligiň nyşany saýylýan kebelekler baradaky bar bolan pikirleri düýpgöter üýtgedýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....