“Çane-6” kapsulasyndan Aýyň arka tarapyndan alnan topragyň ilkinji nusgalary çykaryldy (wideo)

  • 28.06.2024 20:42
  • 8.3k+

Hytaýly alymlar taryhda ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan Aý topragynyň nusgalaryny aldylar. Nusgalar 2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda 53 günlük missiýany üstünlikli tamamlan “Çane 6” missiýasynyň gaýdyp gelen moduly bilen Ýere getirildi.

Içi nusgaly kapsula Pekinde ýerleşýän Hytaý kosmos tehnologiýalary akademiýasyna (CAST) gowşuryldy. Barlagçylar kapsulanyň tehniki görkezijilerini öwrendiler we onuň içinden 2 kg töweregi Aý toprakly konteýneri çykaryp aldylar. Nusgalar has giňişleýin barlaglary geçirmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan otaglarda saklanar.
2020-nji ýylda “Çane 5” missiýasy tarapyndan Aýyň bäri ýüzünden toplanan nusgalar bilen bolşy ýaly, bu nusgalar hem tertipleşdiriler we öwrenmek üçin Hytaýyň alymlaryna we institutlaryna berler. Halkara barlagçylaryna bu nusgalar, megerem, ýene  iki ýyldan hödürlener.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....