Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 27.06.2024 23:42
  • 14k+

27-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd” kompaniýasynyň prezidenti Bek Jung-Wan bilen duşuşdy.

Köp ýyllardan bäri iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni, parlamentara we beýleki wajyp ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ösüş maksatnamalaryny, senagat özgertmelerini we işewürlik üçin döredilýän oňyn şertleri göz öňünde tutup, hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça ösdürmäge mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Şunda ýurdumyzda täze gurulýan desgalaryň netijeli bolmagyna, ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga hem-de daşary ýurt maýasynyň çekilmegine uly ähmiýet berilýär.
Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Daewoo Engineering & Construction Co.,Ltd” kompaniýasynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......